Antalýa Gelýän Syýahatçylaryň Sany Gün Saýyn Köpelýär

Antalýa gelen daşary ýurtly myhmanlaryň sany 1 million 870 müň adama ýetdi

2133962
Antalýa Gelýän Syýahatçylaryň Sany Gün Saýyn Köpelýär

Antalýa gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 1 million 870 müň adama ýetdi.

Myhmanhanaçylar jemgyýetiniň başlygy Hakan Saatçyogly, syýahatçylyk möwsümine ir başlandyklaryny nygtap, “Antalýa gelen daşary ýurtly myhmanlaryň sany 1 million 870 müň adama ýetdi. Syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 16 göterim artdy” diýdi.

Antalýanyň gyş möwsüminiň hem netijeli geçendigini aýdan Saatçyogly, üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli Antalýa 17 million syýahatçynyň gelmegine garaşylýandygyny belledi.

 



Degişli Habarlar