Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili Boldy
Stambul howa menzili ýanwar aýynda gündelik ortaça 1308 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy
Eurokontrol edarasynyň ýanwar aýy bilen baglanşykly Ýewropanyň Awiasiýa habarnamasy çap edildi.
Habarnama görä Stambul howa menzili ýanwar aýynda gündelik ortaça 1308 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy.
Stambul howa menzilinden soň gündelik 1201 uçar sapary bilen London Hitrou howa menzili 2-nji we 1032 uçar sapary bilen Pariždäki Şarl de Goll howa menzili bolsa iň gelim-gidimli 3-nji howa menzili boldy.
Stambuldaky Sabiha Gökçen howa menzili bolsa gündelik ortaça 596 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli 10-njy howa menzili boldy.
Degişli Habarlar
Aziza Mustafa Zadeh Antalýada Çykyş Etdi
Açyk howa konserdine sungady söýüjiler uly gyzyklanma görkezdi.
Woleýbolçy Gyzlar Şu Gün Günorta Koreýanyň Komandasy Bilen Duşuşar
Woleýbolçy gyzlar ABŞ-daky ilkinji iki bäsleşiginde Germaniýa bilen Serbiýany 3-1 hasabynda ýeňipdi.