Stambul Şäherine 17 Million 370 Müň 30 Syýahatçy Geldi

2023-nji ýylda Stambula gelen syýahatçylaryň sany 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 8,44 göterim artdy.

2101817
Stambul Şäherine 17 Million 370 Müň 30 Syýahatçy Geldi

Geçen ýyl Stambul şäherine daşary ýurtly 17 million 370 müň 30 syýahatçy geldi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň görkezijilerine görä, geçen ýyl Stambul şäherine gelen syýahatçy sany taýdan rekord goýuldy.

2023-nji ýylda Stambula gelen syýahatçylaryň sany 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 8,44 göterim artdy.

2023-nji ýylda Stambul şäherine daşary ýurtly 17 million 370 müň 30 syýahatçy geldi.

Stambula gelen syýahatçylaryň sanawynda 1 million 990 müň 226 adam bilen Russiýa 1-nji orny eýeledi.

Germaniýa 1 million 286 müň 504 adam bilen 2-nji, 1 million 53 müň 638 adam bilen Eýran 3-nji, ABŞ hem 853 müň 766 adam bilen 4-nji orny eýeledi.

 


Etiketkalar: #syýahatçylyk , #Stambul

Degişli Habarlar