Türkiyäniň Şirinje obasy "2023-nji ýylyň Dünýäniň iň gowy syýahatçylyk obalary" sanawyna girdi

Türkiyäniň Izmir welaýatynyň Selçuk etrabynyň Şirinje obasy "2023-nji ýylyň Dünýäniň iň gowy syýahatçylyk obalary" sanawyna girdi

2053738
Türkiyäniň Şirinje obasy "2023-nji ýylyň Dünýäniň iň gowy syýahatçylyk obalary" sanawyna girdi
sirince koyu1.jpg
sirince koyu.jpg

Özbegistanyň taryhy Samarkand şäherinde dowam edýän BMG-nyň Bütindünýä Syýahatçylyk guramasynyň 25-nji baş assambleýasynda "2023-nji ýylyň Dünýäniň iň gowy syýahatçylyk obalary" sanawy aýan edildi. 

Medeni we tebigy gözellikleri, medeni baýlyklaryň goldanmagy we goralmagy, ykdysady durnuklylyk, sosial durnuklylyk, daşky gurşaw durnuklylygy, syýahatçylygyň özgerdilmegi we baha zynjyrynyň integrasiýasy, infrastruktura, saglygy goraýyş, howpsuzlyk ýaly ugurlar boýunça iň gowy obalaryň kesgitlenen sanawa girmek üçin 260 aýry ýüz tutma boldy. 

Netijelendirileninden soň aralarynda Gazagystanyň Saty, Özbegistanyň Sentob we Türkiyäniň Şirinje obalary bolan jemi 54 oba "2023-nji ýylyň Dünýäniň iň gowy syýahatçylyk obalary" sanawyna girdi.

Oba esasan hem ýaz aýlarynda gündelik 4 müňe golaý adam baryp görýär. 

Gadymy Efes şäheri, Merýem Ene we Kuşadasy portlaryna ýakynlygy sebäpli syýahatçylygyň möhüm duralgalarynyň biri ýagdaýyna gelen we "Dünýäniň iň gowy syýahatçylyk obalary" sylagyna laýyk görülen Şirinje obasynyň ýaşaýjylary berilen sylagyň obalarynyň at-abraýyny dünýä derejesine ýetirjekdigine ynanýarlar. 



Degişli Habarlar