Trabzona Gelen Syýahatçylaryň Sany Artdy

Trabzona esasan Aýlag ýurtlaryndan gelýän syýahatçylaryň sany gün saýyn köpelýär.

2009975
Trabzona Gelen Syýahatçylaryň Sany Artdy

Türkiýäniň medeniýeti, taryhy we tebigaty bilen ýakyndan tanalýan welaýatlaryndan biri bolan Trabzon, ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Trabzona Türkiýäniň çar tarapyndan, esasan Aýlag ýurtlaryndan gelýän syýahatçylaryň sany gün saýyn köpelýär.

Trabzonyň Medeniýet we syýahatçylyk müdüri Tamer Erdogan, Saud Arabystanynyň başda durmagynda Katardan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Omandan, İordaniýadan, Bahreýnden, Yrakdan we Ysraýyldan gelýän syýahatçylaryň sanynyň gün saýyn köpelýändigini ýatlatdy.

Geçen ýylyň ilkinji 6 aýynda Trabzona daşary ýurtlardan 70 müň 445 syýahatçynyň gelendigini aýdan Erdogan, şol sanynyň 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda 77 göterim artyp 125 müň 29-a ýetendigini belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar