Kuşadasyna 1997 Syýahatçy Geldi

Kruiz gämisiniň ýene-de 3 gezek Kuşadasyna gelmegine garaşylýar

1966899
Kuşadasyna 1997 Syýahatçy Geldi

Kruiz syýahatçylygynyň esasy merkezlerinden biri bolan Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyna Bermuda degişli kruiz gämisi “Yzland Prinsess” bilen 1997 syýahatçy geldi

Kuşadasy Ege Portuna gelen esasy bölegi Amerikaly syýahatçylaryň bir bölegi İzmiriň Selçuk etrabyndaky gadymy Efes şäherine we Bibi Merýemiň öýüne baryp gördi.

Syýahatçylaryň galan bölegi bolsa Kuşadasy bazaryndan sowgatlyk satyn aldy.

“Prensess Gruises” firmasyna degişli kruiz gämisiniň ýene-de 3 gezek Kuşadasyna gelmegine, firma degişli beýleki gämileriň bolsa etaba möwsümiň dowamynda 13 sapar guramagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar