Antalýa Howa Ýoly Arkaly Gelen Syýahatçylaryň Sany Artdy

Şähere iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda Russiýa, Germaniýa, Britaniýa, Polşa we Gollandiýa esasy orun eýeleýär.

1914060
Antalýa Howa Ýoly Arkaly Gelen Syýahatçylaryň Sany Artdy

11 aýda Antalýa howa ýoly arkaly gelen syýahatçylaryň sany 13 million 138 müň 88 adama ýetdi.

Deňizi, gumagy, güneşi, taryhy we medeni ymaratlary, gadymy şäherleri we tebigy gözellikleri bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän Antalýa, dünýäniň çar tarapyndan myhman gelýär.

Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä, ýanwar aýynyň 1-i bilen noýabr aýynyň 30-y aralynda şähere howa ýoly arkaly gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 48 göterim artyp 13 million 138 müň 88 adama ýetdi.

Şähere iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda Russiýa, Germaniýa, Britaniýa, Polşa we Gollandiýa esasy orun eýeleýär.

 



Degişli Habarlar