Mawy Baýdakly Plýažlaryň Sany Gün Saýyn Köpelýär

Türkiýäniň plýažlarynda 531 mawy baýdak pasyrdaýar.

1911779
Mawy Baýdakly Plýažlaryň Sany Gün Saýyn Köpelýär

Dünýäniň syýahatçylyk we daşky gurşaw taýdan iň uly baýraklaryndan biri bolan mawy baýdakly plýažlaryň sany Türkiýede gün saýyn köpelýär.

Mawy baýdakly plýažlaryň sanawynda Ispaniýa birinji, Gresiýa ikinji, Türkiýe üçünji orny eýeleýär.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň görkezijilerine görä, merkezi Daniýanyň Kopangagen şäherinde ýerleşýän Halkara daşky gurşaw gaznasy tarapyndan berilýän mawy baýdak baýraklarynda 2018-nji ýylda 459, 2019-njy ýylda 463 baýrak alan Türkiýäniň kenarlarynda şol san 2020-njy ýylda 486-a, 2021-nji ýylda 519-a, üstümizdäki ýyl hem 531-e ýetdi.

Antalýa welaýatynyň plýažlarynda 229, Mugla welaýatynyň plýažlarynda 111, Izmir welaýatynyň plýažlarynda bolsa 66 mawy baýdak pasyrdaýar.

Mawy baýdakly plýažlaryň sanawynda Ispaniýa 621 plýažy bilen birinji, Gresiýa bolsa 581 plýažy bilen ikinji orny eýeleýär.

 



Degişli Habarlar