Iki Ýylda Aýasofiýa 6,5 Million Adam Baryp Gördi

Aýasofiýanyň Kebir metjidi 2020-nji ýylyň 24-nji iýulynda ybadata açyldy

1858872
Iki Ýylda Aýasofiýa 6,5 Million Adam Baryp Gördi
ayasofya.jpg
ayasofya cami.jpg
ayasofya cami.jpg

Iki ýyl ozal ybadata açylan Aýasofiýanyň Kebir metjidine 6,5 million adam baryp gördi.

Stambulyň zabt edilşigine çenli 916 ýyl buthana, 1453-nji ýyldan başlap hem metjit hökmünde ulanylan Aýasofiýa, 1934-nji ýylda kabul edilen karara laýyklykda 86 ýyl muzeý hökmünde hyzmat etdi.

2020-njy ýylyň 10-njy iýulynda metjidiň muzeýe öwrülmegi hakyndaky kararyň bes edilmegi bilen Aýasofiýanyň ýaňadandan ybadata açylmagynyň öňi açyldy.

Aýasofiýanyň Kebir metjidi 2020-nji ýylyň 24-nji iýulynda 86 ýyl soň okalan ilkinji Juma namazy bilen Prezident R. T. Erdoganyň gatnaşmagynda ybadata açyldy.

Şol günden bäri Aýasofiýa baryp görenleriň sany 6,5 million adamdan geçdi.

 


Etiketkalar: #metjit , #ybadat , #Aýasofýa

Degişli Habarlar