Muşdaky çigildem gülleri syýahatçylary haýran galdyrdy

Muş welaýaty bahar paslynyň gelmegi bilen çigildemler bilen gyzyl reňke bürendi

1821972
Muşdaky çigildem gülleri syýahatçylary haýran galdyrdy
mus lale.jpg
mus lale.jpg

Tebigy ýagdaýda ýetişýän gyzyl çigildemler, garly daglar bilen owadan görnüş emele getirdi. 

Endemiki ösümlik görnüşleriniň arasynda bolan we 'Muş 1071' ady bilen bellige alynan çigildemleriň 15 günlik ömrüni görmäge gelýän syýahatçylaryň sany ýylsaýyn köpelýär. 

Italiýa, Portugaliýa, Azerbaýjan, Gruziýa we Marokko ýaly ýurtlardan Türkiýä gelen syýahatçylar meşhur çigildem güllerini görmek üçin Muş welaýatyna barýarlar. 

Çigildem gülleriniň gyzyl reňke bürenen görnüşini görmek üçin welaýata gelen syýahatçylar surata düşdiler. 

Çigildem günlerini sosial medianyň üsti bilen paýlaşjakdyklaryny aýdan syýahatçylar: "Her kimi çigildem güllerini görmek üçin Muşa çagyrýarys" diýip bellediler. 


Etiketkalar: #gül , #çigildem , #Muş

Degişli Habarlar