Germaniýa, Russiýaly Milliarderiň Ýahtasyny Döwletiň Haýyryna Geçirdi

Usmanow “Dilbar” atly ýahtany 2016-njy ýylda 600 million dollara nemes ýahty öndürjisi Lürssen firmasyndan satyn alypdy

1789136
Germaniýa, Russiýaly Milliarderiň Ýahtasyny Döwletiň Haýyryna Geçirdi

Germaniýa, Russiýanyň Ukraina garşy guraýan harby hüjümleri sebäpli ÝB tarapyndan goýlan sanksiýalaryň çäginde asly özbek russiýaly milliarder Alişer Usmanowyň 600 million dollarlyk ýahtasyny döwletiň haýyryna geçirdi

Germaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Gamburg ştatynyň ýolbaşçylary, Usmanowyň 156 metr uzynlygyndaky ýahtasyny döwletiň haýyryna geçirdi.

Ýahta, 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Germaniýanyň gämi gurluşyk firmasy Blohm-Wossyň werfinde durdy.

Habarlarda Usmanowyň “Dilbar” atly ýahtany 2016-njy ýylda 600 million dollara nemes ýahty öndürjisi Lürssen firmasyndan satyn alandygy nygtaldy.

Şol bir wagtda 40 ýolagçyny we 80 ekipažy kabul edip berilýän ýahtada 1 howuz bilen 2 dikuçar meýdançasy bar.

 



Degişli Habarlar