Muglada 2 müň 500 ýyllyk heýkeller we ýazgylar tapyldy

Mugla welaýatynyň Euromos gadymy şäherinde 2 müň 500 ýyllyk heýkeller we ýazgylar tapyldy

1673486
Muglada 2 müň 500 ýyllyk heýkeller we ýazgylar tapyldy

Milas etrabynda Anadolynyň iň gowy goralyp saklanan Rim döwrüne degişli ybadathanalarynyň biri bolan Zews Lepsynos ybadathanasynda geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde 2 müň 500 ýyllyk iki mermer heýkel we käbir ýazgylar tapyldy. 

Kariý medeniýetiniň möhüm şäherleriniň biri hökmünde häsýetlendirilýän Euromos gadymy şäherinde gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. 

Gazuw-agtaryş toparynyň başlygy we Mugla Sytky Koçman uniwersitediniň Edebiýat fakultediniň Arheologiýa bölüminiň mugallymy Dos.Dr. Abuzer Kyzyl, b.e.öň 2 asyrda gurulan ybadathanadaky gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan we takmynan 2 müň 500 ýyllykdygy çak edilýän heýkellere "Kuros" atlarynyň dakylandygyny beýan etdi. 

Abuzer Kyzyl "Aýak üstünde duran ýaş oglan" manysyny berýän "Kuros" heýkelleriniň Müsür, Finikiýa we Assiriýa medeniýetlerinden gelip çykandygyny aýan etdi. 

Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gadymy Gresiýa döwrüne degişli bolan ýazgylaryň hem, Kariý taryhy taýdan örän uly netijesiniň boljakdygyny, taryhyň näbelli bolmagynda galýan sahypalarynyň öwrenilmegine goşant goşmagyna garaşýandyklaryny aýdan Abuzer Kyzyl, ýazgylaryň çözüwi bilen bagly işlerini başladylandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar