Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň rekord derejedäki artyşy

Energetikanyň Gün Tertibi

2141341
Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň rekord derejedäki artyşy

Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň rekord derejedäki artyşy

Global elektrik önümçiliginde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýy 2023-nji ýylda ilkinji gezek 30 göterimden geçdi. Türkiyäniň elektrik energiýasynyň 42 göterimi bu çeşmelerden öndürilip, dünýädäki ortaça derejeden ýokary boldy.

Halkara guramalaryň habarlaryna görä, dünýäde elektrik energiýa talaby 2023-nji ýylda 29,5 terawat sagat bilen rekord derejä ýetdi.

Esasan hem ösen ýurtlardaky sarp edişiň azalmagy sebäpli global derejedäki elektrik energiýa talaby geçen ýyl 2,2 göterim artdy.

Elektrik tok islegini kanagatlandyrmak üçin önümçilikde iň çalt ösýän çeşmeler gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boldy. Olaryň arasynda esasan hem gün we ýel energiýasy öň hatara çykdy.

2023-nji ýylda dünýädäki elektrik energiýasynyň 7,8 göterimi ýel energiýasy, 5,5 göterimi gün energiýasy bilen üpjün edildi.

Gün energiýasynyň ulanylyşy 23,2 göterim ýokarlandy. Şeýlelik bilen, ýylda elektrik energiýasynyň öndürilişinde iň köp artýan çeşme gün energiýasy hökmünde kesgitlenildi.

Gün energiýasy bilen bagly maýa goýumlar 19 ýyl bäri dünýäde iň çalt ösýän elektrik çeşmesi bolup durýar.

Global derejede ýel energiýasyndan elektrik tok önümçiligi 2022-nji ýylda 9,8 göterim ösüş etdi.

Howanyň üýtgemegi global elektrik önümçiligine göni täsir etdi. Gidroelektrostansiýa ýaly gidroelektro çeşmeleriň paýy 14,3 göterim bilen ondan öňki ýyla garanyňda 2 göterim azaldy.

Şeýlelik bilen, global elektrik önümçiliginde gaýtadan dikeldilýän energiýanyň umumy paýy ilkinji gezek 30 göterimden geçdi.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinin ulanylşynyň rekord derejede artmagy bilen birlikde, uglerod zyňyndylary hem rekord derejede azaldy.

Global elektrik önümçiliginde uglerod dioksidiniň intensiwligi geçen ýyl rekord derejä çenli peselip, 2007-nji ýylda ölçenen iň ýokary bahasyndan 12 göterim aşaklady.

Kömüriň we tebigy gazyň global elektrik önümçiligindäki paýy geçen ýyl degişlilikde 35,4 göterim we 22,5 göterim boldy. Kömürden elektrik energiýasy 2023-nji ýylda 1,4 göterim, gazdan öndürilýän elektrik tok bolsa 0,8 göterim ýokarlandy.

Ýadro energiýasyndan alynýan elektrik energiýasy 2023-nji ýylda ýylda 1,8 göterim ýokarlandy we umumy önümçiligiň 9,1 göterimini öz içine aldy.

Türkiyede gün we ýel energiýasyndan elektrik energiýasynyň öndürilişi, global görekzijilerden has ýokary boldy. Türkiyäniň elektrik energiýasynyň 42 göterimi bu çeşmelerden öndürilip, dünýädäki ortaça derejeden ýokary boldy.

Türkiyäniň elektrik tok önümçiliginiň 6 göterimi gün energiýasynda we 10 göterimi ýel energiýasyndan üpjün edilýän bolsa, gidroelektro 20 göterim bilen iň uly gaýtadan dikeldilýän elektrik energiýa çeşmesi bolmagyny dowam etdirdi.

Geçen ýyl Türkiyede elektrik energiýasynyň 58 göterimi gazylyp alynýan ýangyçdan öndürildi. 



Degişli Habarlar