Gazaklaryň tanymal şahyry we pikirzadasy Abaý Kunanbaý

Türk dünýäsine bagşedilen ömürler

2138161
Gazaklaryň tanymal şahyry we pikirzadasy Abaý Kunanbaý

Hepdelik tapgýrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda gazaklaryň tanymal şahyry we pikirzadasy Abaý Kunanbaý hakynda maglumat bermekçi.

Abaý, 1845-nji ýylda Gazagystanyň Semeý sebitinde ýerleşýän Syrt-Kaskabulakda dünýä inýär. Ýolbaşçy we gazak halkynyň arasynda sözi diňlenýän öňbaşçy bolan kakasy Kunanbaý, ejesi Ulžan we enesi Zere, Abaýyň terbiýelenmegindäki esasy üç adamdyr. Olardan diňlän taryhy wakalary, goşgulary we halk dessanlary Abaýyň şahsyýetiniň kämilleşmegine uly goşant goşýar. Ýaşytdaşlaryna görä ukyply bolan Abaý, kakasynyň islegine laýyklykda 10 ýaşynda Semeýdäki Ahmet Ryza medresesinde bilim almaga başlaýar. Medresäniň esaslandyryjysy Ahmet Ryzanyň gazanly tatar taryhçysy we reformaçy din alymy Şahabaddain Marjaniniň talybydygy, şeýlelikde Marjaniniň pikirlerine laýyklykda bilim berendigi bilinýär. Döwrüň beýleki medreselerinden tapawutlylykda Ahmet Ryza medresesinde klassiki dini ylymlaryň ýany bilen taryh, pelsepe, şygyr we şol bir wagtda-da arap, pars hem-de çagataý dilleri öwredilipdir. Abaý, dini sowadyň ýany bilen türk we pars edebiýaty bilen gyzyklanyp, Nyzamy, Nowaýy we Hafyz ýaly şahyrlaryň eserleri bilen tanyşmaga şert tapýar. Abaý medresede 3 ýyl okandan soň şäherdäki rus mekdebine ýazylyp, rus dilini öwrenýär we gündogar edebiýaty bilen bilelikde rus we günbatar edebiýaty hem-de düşünjesi bilen hem tanyşýar. Puşkiniň, Tolstoýyň, Gýotäniň, Spinozanyň we Spenseriň eserlerini okamaga şert tapýar. Şol eserlerden terjimeler eden Abaý, Peterburga sürgün edilen rus intellektualy Mihaelis ýaly demokrat intelligentler bilen hem tanyşýar we olaryň täsirinde galýar.

Abaý edebiýadyň we pelsepäniň ýany bilen sungat hem-de saz bilen gyzyklanypdyr. Gazak milli el hünärlerine bolan gyzyklanmasynyň ýany bilen domra çalypdyr we gazak halk aýdymlaryny aýdypdyr. Abaýyň öz goşgularyna düzen aýdymlary hem bar. Kakasy Kunanbaý haja giden mahaly argyn taýpasyna ýolbaşçylyk eden Abaý, gazanan tejribesine laýyklykda soňky ýyllarda Çingiz etrabynyň ýolbaşçylygyna saýlanýar. Abaý halkyň hem ynanýan hem-de sarpa goýan adamy bolupdyr. Ýaşan jemgyýetiniň jemgyýetçilik-ykdysady meselelerine ünssiz galmadyk, bilimi, zähmet çekmegi we öndürmegi wagyz eden Abaý, ýeri gelende berk tankyt etmekden hem çetde durmandyr. Abaýyň 200-e golaý goşgusy, proza görnüşinde ýazylan 45 nesihady we rus dilinde eden terjimeleri bardyr. Aradan çykanyna bir asyrdan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan milli we ruhy lider hökmünde gazak halkynyň aňynda möhüm orun tutýar. Beýik şahyryň we pikirzadanyň doglan güni ýurduň çar tarapynda dabara bilen bellenilip geçilýär. 2021-nji ýyla çenli Abaý Kunanbaý we onuň eserleri hakynda Gazagystanda hem-de daşary ýurtlarda ýazylan kitaplaryň, ylmy makalalaryň we synlaryň sany 10 müňden geçýär. Abaý gazak halkynyň ýany bilen garaşsyz Gazagystanyň hem milletde döretme tapgyrynda hem-de döwrebaplaşma tagallalarynda iň ýokary derejede salgylanylýan adam bolup durýar. 1904-nji ýylda doglan ýerinde dünýeden ötýär. Iki gezek öýlenen Abaýyň 10 çagasy bolupdyr. Käbirleri ýaşka ýogalypdyr, beýlekileri bolsa Sowet Soýuzynyň irki ýyllarynda halk duşmany yglan edilip, öldürilipdir ýa-da sürgün edilipdir.

Abaý Kunanbaý gazaklaryň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik taýdan agyr kynçylyklary başdan geçiren döwründe ýaşap geçýär. Abaý çagalygyndan bäri rus kolonial ulgamynyň ýüze çykaran kynçylyklaryny dürli platformalarda beýan edip, öz nägileligini bildiripdir. Öz eserleri bilen jemgyýetiň tümlügini şöhlelendirmäge çalşypdyr. Abaý ömrüniň ahyryna çenli gazak jemgyýetiniň ähli ugurlarda döwrebaplaşmagyna aýratyn üns beripdir. Pikirleri, goşgulary Sowet döwründe ünsden düşürilen hem bolsa, garaşsyzlykdan soň onuň pikirleri täze döwlete ýol görkezýär. Abaýyň doglan gününiň 200 ýyllygy boljak 2045-nji ýyla taýýarlyklar biziň günlermizden başlady.



Degişli Habarlar