Milas el halysy

Türkiýäniň Özboluşly Önümleri

2026715
Milas el halysy

Türkiyäniň Egeý sebitindäki syýahatçylyk we oba hojalyk şäheri bolan Mugla welaýatynyň Milas etraby dokma ugrundaky elde öndürilen önümleri bilen tanalýar.

Esasan hem Milas halylary, Türkiyäniň el halysy pudagynda özboluşly we möhüm bir ýere eýedir.

Geçmişi XI asyra baryp ýetýän, Milas el halysy sebite syýahat eden jahankeşdeleriň kömegi bilen XVII asyrdan başlap Ýewropa materiginde uly abraýa eýe bolmaga başlady.

Milas el halysy Milas etrabynyň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde  1997-nji ýyldan başlap Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy. Ilkinji döwürlerde öýlerdäki haly dokma stanogynda namazlyk ululygynda öndürilen halylar, 1909-njy ýylda açylan ilkinji uly önümçilik fabrigi bilen has ulylary öndürilmäge başlandy we Türkiyäniň el işi ugrunda möhüm eksport önümleriniň birine öwrüldi.

Halynyň önümçiliginde ösümliklerden alynan boýaglar bilen boýalan ýüplükler, goşa düwün usuly bilen we “Ystar” diýip atlandyrylýan gurallarda dokalýar.

Sebite mahsus onlarça motiwiň ulanylan Milas halysynyň önümçiliginde esasan hem gyzyl we sary reňkleriň tapawutly tonlary bolan jemi 26 aýry reňk ulanylýar.


Etiketkalar: #Mugla , #el halysy , #Milas

Degişli Habarlar