Diýarbakyr Örme Bilezigi

Türkiýäniň Özboluşly Önümleri

2017846
Diýarbakyr Örme Bilezigi

Türkiyäniň Günorta-gündogar Anadoly sebitindäki Diýarbakyr şäheri, senetçiligiň iň ýokary nokady hökmünde hasaplanýan altyn örme önümleri bilen hem ýurduň öz içinde hem-de daşary ýurtlarda uly abraýa eýedir.

Diýarbakyryň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2023-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşulan Diýarbakyr Örme Bileziginiň ýasalyşynda guýma we bölek altyndan ýasalan altyn simler ulanylýar.

Zergärler tarapyndan inçe we uzyn ýagdaýa getirilýän altyn, ‘‘Malafara’’ diýip atlandyrylýan gural bilen ýeke-ýeke soralyp örme ýagdaýyna öwrülýär. Z

ergärler ýörite abzallary bilen örme bilezigi Diýarbakyra we sebite mahsus motiwler bilen bezeýärler.

Uly zehin, üns we ussatlyk talap edýän Diýarbakyr Örme Bilezigi uzak ýyllardan bäri sebitiň toý dabaralarynyň ýüz öwrülmesiz sowgatlarynyň biri bolmak bilen birlikde, Diýarbakyra syýahat etmäge gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň kömegi bilen daşary ýurtlarda hem isleg bildirilýän eksport önümine öwrüldi.


Etiketkalar: #bilezik , #örme , #Diýarbakyr

Degişli Habarlar