Jennet hurmasynyň (Trabzon) peýdalary…

Saglygym baýlygym

2017603
Jennet hurmasynyň (Trabzon) peýdalary…

Jennet hurmasy näme?

Türkiýede umuman Trabzon hurmasy atlandyrylýan miwäniň Ýapon hurmasy, Ortaýer deňizi hurmasy ýaly atlary hem bar.

Trabzon hurmasy, her biri saglyk taýdan peýdaly bolan minerallary, witaminleri we antioksidentleri özünde jemleýär. Mysal üçin J witamini immunitet ulgamyny güýçlendirmek we ýürek sagdynlygy taýdan peýdalydyr. Gury jennet hurmasynyň peýdalary hem ter hurma bilen deňdir. Ter ýa-da kakadylan, tapawudy ýok, iýmek maslahat berilýär.

Jennet hurmasynyň ýüzlerçe görnüşi bar we güýz paslynda ýygylýar. Gyş aýlarynyň başyna çenli bazarlary bezeýän miwe, çig we gaty mahalynda sary, bişdigi saýyn ýumşaýar we mämişi reňke öwrülýär.

Trabzon hurmasy şeýle hem uglewodlaryň siňdirilmegini peseldýän we ganyň düzümindäki süýjüniň duýdansyz artmagynyň öňüni alýan süýmleri özünde jemleýär.

Immunitet ulgamyny güýçlendirýär.

Düzüminde J witamini ýokary mukdarda bolan jennet hurmasy, ak gan öýjüklerini artdyryp, immuniteti güýçlendirýär. 1 jennet hurmasy günlük J witamine bolan zerurlygy kanagatlandyrmak üçin ýeterlikdir.

Göz üçin peýdaly

A witamini, göz üçin iňňän möhüm witaminlerden biridir. A witamini korneanyň we gözleriň beýni bilen baglanşygyny üpjün edýär. Jennet hurmasynyň düzüminde A witamini ýokary mukdarda bardyr. 1 jennet hurmasy günlük A witamine bolan zerurlygy kanagatlandyrmak üçin ýeterlikdir. Trabzon hurmasy gözleriňiziň sagdynlygy üçin peýdalydyr.

Siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar.

Jennet hurmasynyň düzüminde B6 witamini hem bar. Ýellenme, çişlik we gubuzlyk ýaly biynjalyklyklaryň aýrylmagy üçin peýdaly. Düzümindäki süým, içegäniň kadaly işlemegi üçin florany deňagramlaşdyrýar.

Ýürek keselleriniň öňüni almak üçin peýdaly

Antioksident taýdan düzümi baý bolan jennet hurmasyny iýmek, hroniki keselleriň howpuny azaldýar. Gandaky LDL-niň aşakladylmagy üçin peýdalydyr.

Hurma, damarlaryň arassalanmagy we ýürek keseli howpuny azlatmak üçin maslahat berilýar. Ateroskleroz üçin peýdalydyr.

Süýji keseliniň öňüni alýar

Jennet hurmasy, anti-diabetiki özbolyşlyga eýe maddalary özünde jemleýar. Emma jennet hurmasy diabetden goraýan hem bolsa, düzümindäki süýjüligiň ýokary bolandygy üçin köp iýmek maslahat berilmeýär.

Derini gowulandyrýar

Jennet hurmasy ýygyrtlaryň we ýaş bilen gelýän deri tegmilleriniň öňüniň alynmagy taýdan peýdalydyr.

Göwreli aýallar üçin maslahat berilýär

Göwreli aýallar iýmitleriniň hataryna jennet hurmasyny goşup bilerler. Göwrelilikde jennet hurmasynyň peýdasy hem bäbek hem ene üçin göz öňünde tutulmaly. Hurmanyň düzümindäki kaliý, fosfor ýaly minerallar bäbegiň süňküniň berkemegi taýdan peýdalydyr. Düzümindäki demir enede ýüze çykmagy mümkin bolan ganazlyk howpunyň öňüni almak üçin peýdalydyr. Göwrelilikde gerek bolan folat bolsa jennet hurmasynyň düzüminde ýokary mukdarda bar. Jennet hurmasynyň peýdalary göwrelilikde bu miwäni iýmek üçin esasy sebäpdir.

Süýji keseliniň öňüniň alynmagy we komplikasiýa howpunyň azaldylmagy

Trabzon hurmasynyň gabygy anti-diabetiki we antioksident özboluşlyklara eýe bolandygy kesgitlenen maddalary özünde jemleýär. Hem süýji keseliniň başlanmagynyň hem-de hassalyk sebäpli uzak möhletli komplikasiýalaryň öňüniň alynmagy taýdan peýdalydyr.  

 Enflamasiýanyň azaldylmagy üçin peýdaly

Trabzon hurmasynyň düzüminde güýçli antioksident J witamini iňňän ýokary mukdarda bardyr. J witamini öýjükleriň erkin radikkalar sebäpli ýitgi çekmeginiň öňüni alýar we bedendäki iriňe garşy göreşýär.

Bogunlar üçin peýdalydyr

Bedendäki iriňi azaldýandygy üçin bogun agyrylarynyň aýrylmagy üçin peýdalydyr. Bogun agyrysynyň öňüni alýar. İriňi azaltmak üçin jennet hurmasyny iýmeklik maslahat berilýär.



Degişli Habarlar