Ak kelemiň peýdalary…

Saglygym baýlygym

1992599
Ak kelemiň peýdalary…

 

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynyn mowzugy: Ak kelemiň peýdalary…

Ak kelem düzümindäki witaminler, minerallar we güýçli elementleri bilen peýdaly azyklardan biridir.

Immuniteti güýçlendirýär.

Düzüminde J witamini bolan ak kelem ýokançlardan goraýar, immuniteti güýçlendirýär. Ak kelemiň 100 gramy, günlük J witaminine bolan zerurlygynyň 40 göterimini kanagatlandyrýar. Aşa pişirmek, garaşdyrmak we marinatlamak onuň düzümindäki J witaminini azaldýar.

Holesterini azaşakladýar

Kelem, siňdiriş ulgamy tarapyndan sorulmak üçin holesterin bilen bäsleşýän iki maddany özünde jemleýär. Ýaramaz holesterini azaldýar.

 

Karaktyň öňüni alýar

Kelem göz üçin peýdalywe kataraktyň emele gelmeginiň öňüni alýar.

 

Enflamasiýa garşy göreşýär

Kelem düzümindäki antioksidentler arkaly, enflamasiýa garşy göreşýär.

Süňküň bekligini we ganyň kadaly goýulaşmagyny üpjün edýär.

K witamini az bolanda osteoporoz ýaly sünk näsaglygynyýüze çykarma howpywe ganyň kadaly goýulaşmazlyk wehimi ýüze çykýar. Düzüminde K witamini ýokary bolan kelemiň bir käsesi, maslahat berilýän gündelik mukdaryň 85 göterimini kanagatlandyrýar.

Rak keselinden goranmak üçin peýdalydyr

Geçirilen ylmy barlaglar, kelemiň rak keseliniň belli görnüşleriniň öňüni almak taýdan peýdalydygyny görkezýär. Ol, kelemiň antioksident we enflamasiýanyň öňüni alyjy özbolyşlygyndan gelip çykýar. Aýratynam bedenimiziň rak bilen söweşijilere öwrülmeginiň sebäpbi düzüminde kükürt bolan özbolyşly maddalardyr.

Ak kelemiň ýaraklarynda B witaminleri bar

Ak kelem dizimindäki B toparyna girýän witaminler bilen hem peýdaly bakja önümidir. B topary girýän witaminler esasanda nerw ulgamy üçin iňňän peýdalydyr. Şol bir wagtda-da immuniteti güýçlendiriji aýratynlygy bar. 1 porsiýa ak kelem naharynyýa-da saladyny iýmeklik, günlük B witamini zerurlygynyň 10 göterimini kanagatlandyrýar.

 Ak kelem berhiz üçin maslahat berilýär

Kaloriýasy pes bolany üçin, berhizler üçin amatlydyr. 100 gramynda 24 kilokaloriýa energiýa bar. Esasanda çigligine iýlende kaloriýasy has az bolýar. Hem düzümindäki witaminleriň esasanda ýagda ereýän K we A witaminleriniň siňdirilmegi hem-de aşgazanda uzak möhletli galmagy üçin nahara azajyk hem bolsa ýag goşmagyýatdan çykarmaň.

 

Çişin aýrylmagy üçin peýdalydyr

Düzümindäki süýmler we käbir maddalar bilen bedendäki suwklygy bölüp çykarmagy üpjün edýän kelem, şonuň saýasynda gan aýlanyşynyň kadaly bolmagyny, çişiň azalmagyny, suwklyk bilen bilelikde natriýniň hem bölünip çykarylmagyny, şeýlelikde gan basyşynyň aşakladylmagyny üpjün edýär. Ýokary gan basyşy, çişi bolan adamlara kelem naharynyýa-da saladyny iýmeklik maslahat berilýär.

 

Düzüminde ýokary mukdarda kalisiý bar

Kelemiň düzüminde ýokary mukdarda kalsiý bar. Bedenimiz üçin gerek bolan günlük kalsiýniň 10 göterimini 100 gram ak kelemden almak mümkin. Hem diş hem-de süňk sagdynlygy üçin peýdaly bolan bakja önümini, çig ýa-da bişen görnüşde iýmek maslahat berilýär.

Gubuzlygyň öňüni alýar

Düzümindäki kükürtli sintezler ak kelemiň siňdiriş ulgamyny kadaly işlemegini üpjün edýär. Aýratynam ýapraklarynda dykyz bolan süýmleri arkaly içegäniň işleýişini kadalaşdyrýar.

 

 

Güýçli antioksident

Antioksident mukdaryýokary bolan ak kelem, erkin radikallara garşy göreşýär we rakdan goraýar. İmmunitet ulgamyny ejizledýan hassalyklar, bagyr keselleri, diabet we ýaglanma ýaly keselelerden hem goraýar.

Süýji keseliniň öňüniň alynmagy taýdan peýdaly

Soňkywürde geçirilen ylmy barlaglar kelemli berhiziň tip-2 diabet ähtimallgyny azaldýandygynyýüze çykardy.

 

Semizlikden goranmak üçin maslahat berilýär

Howpsuz we zansyz horlanmak üçin kelem iýmeklik maslahat berilýär. Kelemiň düzümindäki süým, siňdirilmeýän ýa-da sorulmaýan uglewoddyr. Şol sebäpli naharda iýmeklik azgazanda köp ýer tutup, özüňizi dok duýmagyňyzy üpjün eder.

Tuzlanan kelemiň peýdasy

Ak kelemi duzlap ýa-da marinatlap, oňa probiotik özbolyşlyk berip bilersiňiz. Emma duz, probiotigiň mukdarynyň azalmagyna sebäp bolýar. Probiotikler içegelerde ýaşaýan peýdaly bakteriýalardyr. İçegeleriň sagdynlygyny üpjün edip, bedeni hassalyklardan goraýar.

 

Üns beriň:

   Ak kelem gany suwklandyryjy derman içýänler üçin üns bilen sarp edilmeli.

     Düzümindäki käbir maddalar mäzleriň işleýiş depginini gowşadýar. Şol sebäpli mäzleri ýuwaş işleýän adamlar artykmaç sarp etmeli däl.

    Hepde-de iki gezek iýmeklik maslahat berilýär.


Etiketkalar: #miwe , #mineral , #kelem

Degişli Habarlar