Eşme Ýörük Kilimi

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

1965199
Eşme Ýörük Kilimi

Türkiyäniň Egeý sebitinde ýerleşýän Uşak şäheriniň Eşme etrabyndan adyny alyp gaýdýan Eşme Ýörük kilimi Eşme etrabynyň häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 1996-njy ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy.

Türkleriň çarwa medeniýetiniň ähli aýratynlyklaryny öz düzüminde jemleýän Eşme Ýörük Kilimi, esasan hem kök boýagyny ulanmak we ýüplükleriň el işi esasynda taýarlanmagy bilen ünsleri özüne çekýär.

Reňki, nagyşlary we kompozisiýasy sebite mahsus aýratynlyklary özünde jemleýän kilimler, öýlerde “Ystar” diýip atlandyrylýan dik stanoklarda zenanlar tarapyndan dokalýar.

Altynbaş, Toplu, Ablaş, Takmak ýaly atlar bilen atlandyrylýan Eşme Ýörük Kiliminiň namaz okamak üçin namazlyk hökmünde ulanylýan ýa-da diwara asylýan aýratynlyklaryna eýe bolan kiçiräk ululykdaky görnüşleri hem bardyr.

Kilim ussalary islenen halatynda torba, eýer torba, ýassyk we içki ýassyk daşy ýaly önümleri hem elde dokap öndürýärler.

Milli nagyşlar ulanylyp dokalýan Eşme Ýörük kiliminiň reňki biri-birinden tapawutlydyr.

Tebigy kök boýaglaryndan öndürilýän ýaşyl, sary, gyzyl we goýy goňur reňkler iň köp isleg bildirilýän reňklerdir.



Degişli Habarlar