Sowuklama-gripp we antibiotik bejergisi

Saglygym baglygym

1964967
Sowuklama-gripp we antibiotik bejergisi

 

Sowuklama-gripp we antibiotik bejergisi

Gepleşimiziň bu günki mowzugy: Sowuklama, gripp we antibiotik bejergisi.

Güýz we gyş aýlarynda demalyş ýoly ýokançlaryna ýolukýan her 100 adamdan ortaça 80 sanysynda antibiotik bejergisine zerurlyk ýokdur. Sebäbi ýüze çykýan demalyş ýoly ýokançlarynyň 80 göterimi wiruslar, galan bölegi bolsa bakteriýalar sebäplidir. Antibiotikler bolsa diňe bakteriýalaryň emele gelýän ýokançlarynyň bejergisinde peýdalanylýar.

Gyş aýlarynyň başlamagy bilen esasanda demalyş ýoly ýokançlary hem artýar. Bu taýda esasy ýalňyşlyklardan biri simptomlar başlan badyna antibiotiklere gönükmeklikdir.

Esasanda güýz we gyş aýlarynda giňden ýüze çykýan ýarawsyzlyklar bolan sowuklama we gripp, bokurdak agyrysy bilen dowam edýän hassalyklardyr.

Sowuklama we dümew umuman gripp bilen garyşdyrylýar, emma aralarynda uly tapawut bardyr:

Dürli görnüşli we sanly wirus sebäpli ýüze çykýan sowuklamada gury üsgülewigiň ýany bien bokurdak agyrysy, burnuň akmağy käte ýeňil gyzdyrma ýüze çykyp bilýär. Şol sebäpli gyş aýlarynda her bir adam birnäçe tapawutly wirusa we onuň görnüşlerine ýolugyp, birnäçe hassalygy başdan geçirip biler.

Influenza wiruslara bagly ýüze çykýan grippde, hassalyk bokurdak agyrysy bilen başlaýar. 38,5 we ondan ýokary derejede gyzdyrma, güýçli myşsa agyrylary, kelle agyrysy we bogun agyrysy bilen dowam edýär.

Güýz we gyş aýlarynda demalyş ýoly ýokançlaryna ýolugan her 100 hassadan 80 göterimine antibiotik bejergisine zerurlyk ýokdur. Sebäbi ýüze çykýan demalyş ýoly ýokançlarynyň 80 göterimi wiruslar, galan bölegi bolsa bakteriýalar sebäplidir. Antibiotikleriň sowuklamanyň we grippiň bejergisine hiç hili peýdasy ýokdur. Antibiotikler diňe bakteriýalaryň emele gelýän ýokançlarynyň bejergisinde peýdalanylýar. Ýerliksiz peýdalanan halatynda bedende peýdaly bakteriýalary öldürýär. Şeýle hem antibiotiklere garşy reaksiýanyň emele gelmegine sebäp bolup bilýär.

Sowuklamadan we howply topara girmeýän adamlardaky gripp, 5-7 günüň dowamynda öz-özünden geçýär. Gripp we sowuklama tebigy bejergiler arkaly geçýän hassalyklaryň başynda durýar.

Lukman tarapyndan sowuklama ýa-da gripp diagnozy goýulan adamlaryň dynç almagy, kadaly iýmitlenmegi we ýeterlik suw içmeginiň ýany bilen käbir tebigy önümlerden peýdalanmagy maslahat berilýär. Emma tebigy önümler käbir dermanlardan peýdalanýanlarda reaksiýalaryň emele gelmegine sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin lukmana ýüz tutmaklary maslahat berilýär.

Sarymsak sowuklamada peýdalydygy kabul edilen tebigy önümdir, kadaly peýdalanynan halatynda hassalygyň ýygylygyny azaldyp, onuň gysga möhletde aýrylmagyny üpjün edýär.

Ekinesiýa  wiral demalyş ýoly ýokançlarynda netije berýän ösümliklerden biridir. Gyş aýlarynda düzüminde J witamini bolan miwe we gök önümler dümew we sowuklama ýolukmagyň öňüni almak üçin peýdalydyr.

Sink hem öýjükleriň köpelmegine, immunitetiň güýçlenmegine, newrologik funksiýalar taýdan möhümdir. Şol sebäpli sowuklamanyň başynda peýdalanylmaga başlanan halatynda, hassalygyň möhletini we zyýanyny azaldar. Sink bagyrda, kelle, aýak ýaly organlarda, kösüklilerde, çig maňyzlarda we bugdaý tohumynda ýokary mukdarda bardyr.Bokurdak agyrysyny azaltmak üçin limonly, bally ýyly suw içmek maslahat berilýär. 250 millilitr ýyly suwa 1 kofe çemçesi bal we ýarym limonyň suwuny goşup içmek bokurdak agyrysyny azaldýar.

Duzly ýa-da karbonatly suw bilen bokurdagy çaýkamak hem bokurdak agyrysynyň aýrylmagy üçin peýdalydyr.

 Bally sogan siroby we okaliptusyň suwy, bokurdagyň agyrysyny aýyrmak üçin maslahat berilýär.

Bokurdak agyrysy, sowuklama we gripp ýaly wiral ýokançlarda ýüze çykyşy ýaly, bakteriýalaryň, esasanda A toparyna girýän beta gemolitik streptokoklaryn emele getirýän angina çişlerinde ýüze çykýar. Ol bakteriýa esasanda 5-15 ýaş toparyndaky çağalarda ýürek klapnlarynda kardite we böwreklerde nefritin ýüze emele gelme howpuny ýüze çykarýar.


Etiketkalar: #sogan , #böwrek , #gripp , #sowuklama

Degişli Habarlar