Çanakgala Deňiz Ýeňişi

Giňdir dünýe-geňdir dünýe

1961371
Çanakgala Deňiz Ýeňişi

Çanakgala Deňiz ýeňişiniň dünýä taryhynda gazanylan iň uly ýenişlerden biridigini bilýäňizmi?

1-nji Jahan urşunyň esasy frontlaryndan biri bolan Çanakgaladaky söweş başlangyç we netije taýdan dünýä taryhynda ýatdan çykmajak ýeňişiň ilkinji ädimini emele getirýär. Antanta girýän döwletler 1915-nji ýylda Dardanel bogazyny geçip, ýaranlary Russiýa kömek alyp gitmek maksady bilen Britaniýanyň şol wagta çenli ýeňilmedik deňiz floty bilen Osman döwletine hüjüm etmegi we şonuň netijesinde Osman döwletini söweşden çetleşdirmegi meýilleşdirýär. Emma Antanta girýän döwletler üçin meýilleşdirilenleriň hiç haýsysy başa barmaýar. Osman döwleti Antanta girýän döwletleriň deňiz flotuna garşy 1915-nji ýylyň 18-nji martynda doly ýeňiş gazanýar we şol ýeňiş taryha “Çanakgala deňiz ýeňişi” hökmünde geçýär.

1916-njy ýylyň 9-njy fewralyna çenli dowam eden Çanakgala söweşinde köp sanly geň waka başdan geçirilýär. Söweşiň dowamynda her inedördül metre ortaça 6 müň gülle düşýär. Şol mukdar dünýäniň söweş taryhynyň iň ýokary mukdarydyr. Howada iki gülläniň kakyşma ähtimallygynyň 600 milliondan bir bolandygyna garamazdan, söweş meýdanynda ýakyn aralyklarda çaknyşyklaryň bolany üçin, howa kakyşyp, biri-birine çolaşan köp sanly gülle tapyldy. Çanakgala söweşinde türk goşunlarynda erkekler bilen bilelikde zenan pyýada goşunlary we mergen zenenler hem söweşdiler. Söweşde bir esger, Seýit Onbaşy üç sany 250 kilogram agyrlygyndaky top okuny adatdan daşary güýç bilen arkasynda göterip, topa goýýar.

Söweş meýdanyna syn eden iňlis uçarmany deňiziň kenaryndan 50 metr ýalpaklyga çenli deňiziň gyzyl gana boýalandygyny görýär we onuň ömründe gören iň elhenç zadydygyny beýan edýär. Taraplaryň uly ýitgiler çeken söweşinde çekilen ýitginiň we jebir-jepanyň gaýtalanmazlygyny aruz edip gepleşigimizi M.K.Atatürkiň şu sözi bilen ýapmak isleýäris: “Millete howp abanmadygy saýyn söweş jenaýatdyr”.



Degişli Habarlar