Erzurum Kadaýyf dolma datlysy

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

1958501
Erzurum Kadaýyf dolma datlysy

Türkiyäniň Gündogar Anadoly sebitindäki gadymy şäherden adyny alyp gaýdýan Erzurum Kadaýyf dolma datlysy Erzurum welaýatynyň Söwda biržasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2010-njy ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy.

Erzurum Kadaýyf dolma datlysy eliň aýasy ululygyndaky wermişel görnüşindäki kadaýyfyň içine owradylan hoz goýulyp, soralyp dolma görnüşli şekile öwrüleninden soň, ýumrtga batyrylyp, gyzgyn ýagda bişirilip, şeker ergini goşulyp taýarlanýan datlynyň bir görnüşidir.

Erzurum Kadaýyf dolma datlysynyň tagamyny ulanylýan önümleriň hili we esasan hem wermişel görnüşli kadaýyfyň gurluşy täsir ýetirýär.

Kadaýyfyň hamyry inçede, ýogynam bolmaly däldir.

Süýji nygmatyň taýarlanylyşynda  20-25 gram wermişel görnüşli kadaýyf arassa zeminiň üstüne goýulýar, içine takmynan 10 gram owradylan hoz goşulýar we gaty gysmadan inçe görnüşde dolanýar.

Ondan soň heýgenege batyrylan kadaýyf dolmalary öz daşyndan iki gezek öwrülýär.

Kadaýyf soň bolsa gönüburçly mejmäniň içinde birnäçe minut garaşdyrylýar we şeýlelik bilen artykmaç ýumurtganyň süzülmegi ýola goýulýar.

Gyzgyn ýagda takmynan 10 minut bişirilen kadaýyf, ozaldan taýarlanan sowuk şeker ergininiň içine goýulýar.

Birnäçe minut şeker ergininiň içinde saklanan kadaýyf dolmalarynyň ergini dolulygyna özüne siňdirmegi üpjün edilmeli.

Kadaýyf dolmalary kesilen mahaly kesilen tarapda kadaýyfyň gurluşy görünmeli, içi bişen bolmaly, hamyr görnüşde bolmaly däldir.


Etiketkalar: #datly , #dolma , #kadaýyf , #Erzurum

Degişli Habarlar