Höşmerim datlysy

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

1933281
Höşmerim datlysy

Türkiýäniň hem Egeý hem-de Mermer deňizlerine kenary bolan Balykesir şäheri taryhy we geografiýasynyň ýany bilen Osman döwründen biziň günlerimize çenli gelip ýeten, biri-birinden meşhur naharlary we datlylary bilen hem tanalýar.

Şolaryň iň meşhury “Balykesir Höşmerim Datlysy”, Balykesiriň Aşpezler we Kotletçiler Birleşmesi tarapyndan edilen ýüztutma laýyklykda 2011-nji ýyldan bäri Türkiýäniň geografik taýdan hasaba alynan önümleriniň hataryna goşuldy.

Balykesir Höşmerim datlysy, duzsuz peýnir, şeker, ýarma, ýumurtganyň sarysy we reňklendiriji bilen gaýnadylyp taýýarlanylýar.

Köpçülikleýin önümçilikde ilki bilen 1 kilogram çig süýde azajyk peýnir gönezligi çalynýar we süýdüň goýulaşmagyna garaşylýar.

Süýt goýulaşandan soň datlynyň ähli ýerine deň mukdarda ýaýramagy üçin mikser bilen garylýar.

Garylýarka peýniriň aşagyndaky suw ýyladylyp, içine 1 sany ýumurtganyň sarysy goşulýar.

Erginin ýylylygy 65 gradusa ýetende 700 gram şeker, 85 gradusda bolsa 150 gram ýarma goşup, ýene-de 1,5 sagat garyp, bişirilýär.

Bişenden soň 15 minut dynç aldyrylan Höşmerim datlysy sowandan soň hödür edilýär.



Degişli Habarlar