Trabzon Hasyry

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1770126
Trabzon Hasyry

“Trabzon hasyrynyň” dünýäniň ýuwelir pudagynda Türkiýä mahsus ýeke-täk zyýnatdygyny bilýäňizmi?

Trabzon örme usulynyň taryhy b.e.ozalky 7-nji asyrda ýaşap geçen saklara çenli uzap gidýär. Bu örme usuly irki döwürlerde gorag maskady bilen peýdalanylan sowutlaryň we gylyçlaryň dakylan kemerleriň öndürilmeginde ulanylypdyr.

Iňňän köp zähmet talap edýän örme bilezik hem altyn ýa-da kümüş simler bilen sowut ýaly örülen el hünäridir we asyrlardan bäri dowam edip gelýän mirasdyr. Bu el hünäri zyýnatlar, Türkiýäniň Garadeňiz sebitinde diňe Trabzonda öndürilýär. Rus ynkylabynda Trabzona gelen kawkazlylaryň Trabzon şäherine getiren sim örgi işi, soňky ýyllarda trabzonly zenanlar tarapyndan öndürilmäge başlanypdyr. Ilkiler kümüş ýaly magdanlardan öndürilen şaý-sepler, soňky ýyllardan altyndan öndürlipdir. Trabzon zenanlarynyň birnäçe günläp zähmet çekip öndüren “Trabzon hasyry” iňňän gymmatly zyýnatdyr. 0,3 millimetr ýogynlygynda kümüş ýa-da altyn simlerden öndürilýän dokma bilezikler 15 günde örülýär.



Degişli Habarlar