Diýarbakyr Galasynyň Diwarlary

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1674635
Diýarbakyr Galasynyň Diwarlary

Diýarbakyr galasynyň diwarlarynyň 7 müň ýyllyk taryhy geçmişe eýedigini bilýäňizmi?

Türkiýäniň Günorta-gündogar Anadoly sebitinde ýerleşýän Diýarbakyr welaýaty döwrebaplygynyň ýanynda taryha şaýatyk edýän diwarlary bilen hem meşhur. B.e.ozalky 3-4-nji müň ýyllarda gurlandygy beýan edilýän we dünýäniň iň gadymy swilizasiýalaryna ýer eýeçiligini eden Diýarkyr galasynyň diwarlary, dünýäniň iň çydamly diwarlaryndan biri. Diýarbakyr galasynyň diwarlarynyň uzynlygy 5200 metre barabar. Goranyş maksatly gurlan diwarlaryň we minaralaryň belentlikleri kaşaň görünýär. Minaralaryň we diwarlaryň belentligi 8-22 metr aralygynda. Galanyň diwarlaryň we minaralaryň üstündäki güberçekler iňňän özüne çekiji.

Diýarbakyr galasynyň 4 derwezesi bar. Taryhy çeşmeleriň beýan etmegine görä 4 derweze Messopotamiýanyň esasy söwda ugry kabul edilýän Diýarbakyrda gözegçiligi üpjün etmek we geliş-gidişe gözegçilik etmek üçin goýlupdyr. 19-njy asyra çenli diwarlaryň derwezesi gün doganda açylyp, gün ýaşanda ýapylar ekeni. Şondan soň şähere gelip-gitmek gadagan bolupdyr.

Taryhyň esasy döwürlerine şaýatlyk edip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten Diýarbakyr galasy 2015-nji ýylda Dünýä Mirasynyň sanawyna goşuldy.



Degişli Habarlar