Bosfor boğazynda ýerleşýän Gyz galasynyň 2500 ýyllyk taryha eýedigini bilýäňizmi?

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1502280
Bosfor boğazynda ýerleşýän Gyz galasynyň 2500 ýyllyk taryha eýedigini bilýäňizmi?

 

Gyz Galasy

Bosfor boğazynda ýerleşýän Gyz galasynyň 2500 ýyllyk taryha eýedigini bilýäňizmi?

Gyz galasy gadymy döwürlerden başlaýan geçmişi bilen gadymy greklerden Wizantiýa imperiýasyna, Wizantiýadan Osman döwletine ähli taryhy döwürlerde Stambulyň taryhyna şaýatlyk eden binalardan biri.

Gyz galasynyň ýerleşýän gaýalygy hakynda b.e.ozalky 410-njy ýyla degişli çeşmelerde maglumat berilýär. Şol döwürde bogaza gelip gidýän gämilere gözegçilik etmek we salgyt almak maksady bilen afynyly serkerdelerden biri şol kiçi adanyň üstüne minara gurdurýar. 1110-njy ýyllarda bolsa döwrüň Rim imperatory bolsa goranyş maksatly diň gurdurýar.

Wagtyň geçmegi bilen haraba öwrülen we abatlanan Gyz galasy Stambul zabt edilýärkä wenesiýalylar tarapyndan baza hökmünde peýdalanylypdyr. Fatih Soltan Mehmet Stambuly alandan soň kiçi galany ýykdyrýar we ýerine daşdan, daş-töweregi süzgeçli kiçijik gala gurduryp, ol ýere toplar goýdurýar. Häzirki galanyn düýbi we aşakky gatynyň esasy bölegi Fatih döwründen galan. Gyz galasy Osman döwründe abatlanyp, käbir bölümleri gaýtadan gurulýar.

Respublikanyň yglan edilmeginden soň biziň günlerimize çeni Gyz galasynda ençeme abatlaýyş işleri geçirilýär. 2000-nji ýylda açylan Gyz galasy gündizlerine kafe we restoran, agşamlaryna bolsa ýörite aşhana hökmünde ýerli we daşary ýurtly myhmanlara hyzmat edýär.


Etiketkalar: #taryh , #Wizantiýa , #gyz galasy

Degişli Habarlar