Polşa serhedini güýçlendirýär

Polşa serhedini güýçlendirmek üçin 2,3 million ýewro pul serişdesini bölüp aýyrdy

2141339
Polşa serhedini güýçlendirýär

Polşanyň Krakow şäheriniň merkezinde II Jahan urşunyň tamamlanmagynyň çäginde çäre geçirildi. 

Polşanyň premýer ministri Donald Task çärede çykyş etdi. 

Task Belarussiýa we Russiýa bilen bolan aralygyndaky serhetlerini güýçlendirmek we Polşanyň territoriýasyny goramak üçin hökümediň 2,3 millard ýewro pul serişdesini bölüp aýyrandygyny habar berdi. 

Serhet zolaklaryny güýçlendirmek bilen bagly işlere başlandyklaryny aýdan Task: "Şeýlelik bilen Polşa serhedi parahatçylykly zamanada howpsuz, uruş zamanynda bolsa duşman üçin geçip bolmajak bir serhet bolar" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar