Netanýahu Salliwan Bilen Duşuşdy

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu ABŞ-nyň Milli Howpsuzlykdan jogapkär resmisi Jeýk Salliwan bilen duşuşdy.

2141467
Netanýahu Salliwan Bilen Duşuşdy

Ysraýylyň döwlet teleýaýlymy “KAN-yň” habar bermegine görä Netanýahunyň Günbatar İýerusalimde ýerleşýän ofisinde Salliwan bilen duşuşandygy mälim edildi.

Habarda duşuşygyň mazmuny hakynda maglumat berilmedi.

Ak Tamyň Milli howpsuzlyk aragatnaşygy boýunça geňeşçisi Jon Kirbi 17-nji maýda beren beýannamasynda Salliwanyň Gazadaky soňky ýagdaýy we gepleşik tapgyryny kärdeşleri bilen  ara alyp maslahatlaşjakdygyny habar beripdi.

Sebite guraýan saparynyň çaginde Saud Arabystanyna baryp; “Gazadaky soňky wakalaryň çäginde hüjümleriň bes edilmegiwe sebite ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi” hakynda pikir alyşan Salliwan, ol ýerden Ysraýyla geçipdi.



Degişli Habarlar