Liderler Eýrana Gynanç Bildirýär

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň dini lideri Ali Hamaneýe gynanç bildirdi.

2141558
Liderler Eýrana Gynanç Bildirýär

Eýranyň 8-nji Prezidenti Ebrahim Raisiniň we Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abullahiýanyň dik uçar heläkçiliginde ýogalmagyna liderler uly gynanç bildirýär.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň dini lideri Ali Hamaneýe gynanç bildirdi.

Aliýew, Hamaneýe ugradan ýüzlenmesinde, “Bu gynandyryjy günde beýik Biribardan dost we doganlyk ýurt eýranyň halkyna sabyr dileýarin. Size we heläkçilikde ýogalanlaryň hossarlaryna öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan gynanç bildirýärin. Alla rehnet eýlesin” diýdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow hem ýüzlenmesinde “Doganlyk eýranyň halkyna bu elhenç heläkçilikde ýogalanlaryň hossarlaryna we dostlaryna uly gynanç bildirýärin” diýdi.

ÝB Geňeşiniň Başlygy Çarles Mişel bolsa ýüzlenmesinde, “ÝB, Prezident Raisi we Daşary işler ministri Abdullahiýan bilen birlikde birnäçe ýolbaşçynyň ýogalmagyna sebäp bolan dik uçar heläkçiligine uly gynanç bildirýär” diýdi.

Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif hem gynanç ýüzlenmesinde, Pakistanda baýdaklarynyň 1 günlügine ýarysyna çenli aşakladyljakdygyny nygtap, “1 aý ozal Prezident Raisi bilen Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan Pakistana taryhy sapar gurapdy. Pakistan 1 günlük ýas tutar. Prezident Raisi bilen dostlaryna, doganlyk ýurt Eýranyň halkyna goldaw berýändigimizi görkezmek üçin baýdaklar ýarysyna çenli aşakladylar” diýdi.

 



Degişli Habarlar