Eýranyň Prezidenti Raisi Wepat Boldy

Eýranyň Prezidenti dik uçarynyň ýere gaçmagy sebäpli wepat boldy.

2141434
Eýranyň Prezidenti Raisi Wepat Boldy

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň habar bermegine görä wakada Ebrahim Raisi bilen bilelikde dik uçarda bolan Daşary işler ministri Huseýn  Emir Abdullahiýan bilen Gündogar Azerbaýjan welaýatynyň Gubernatory Malik Rahmeti we Töwriziň Juma Ymamy Aýatulla Ali Haşim hem ýogaldy.

Türkiýeden giden “Akynjy” uçarmansyz howa ulagynyň kesgitleýiş işleri netijesinde harabalygyny tapylan dik uçarda Ynkylap goragçylary goşunynyň gullukçysy ýokary derejeli iki harby ýolbaşçy bilen ekipaždan 3 adamyň hem heläkçilikde ýogalandygy habar berildi.

Ebrahim Raisi bilen bilelikde wekiliýeti alyp barýan dik uçaryň düýn Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň gatnaşmagynda iki ýurduň serhedinde geçirilen bendiň açylyş dabarasyndan dolanyp barýarka ýaramaz howa şertleri sebäpli duýdansyz gonandygy beýan edilipdi.

63 ýaşly Ebrahim raisi 2021-nji ýyldaky saýlawyň birinji tapgyrynda Eýranyň 8-nji prezidentligine saýlanypdy.

Huseýn Emir Abdullahiýan bolsa şol ýyldan bäri Daşary işler ministri bolup işleýärdi.



Degişli Habarlar