Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen Palestinaly toparlaryň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.

2141035
Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy

Ysraýyl, Gaza Sektorynda gury ýer hüjümleri sebäpli agyr ýitgi çekýär

Hamasyň Kassam atly ýaragly topary, soňky 10 günde Gaza Sektorynda Ysraýylyň harby goşunyna degişli 100 ulagy hatardan çykarandyklaryny mälim etdi.

Hatardan çykarlan harby ulaglaryň arasynda tanklar we buldozeper hem bar.

Hüjümler sebäpli ýokary çinli harbylar bilen birlikde ysraýylly köp sanly esgeriň ýogalandygy nygtaldy.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen Palestinaly toparlaryň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.

Ysraýylly halk deputaty Amit Halewi, Ysraýylyň  Kanal 14 teleýaýlymyna beren beýannamasynda, Kassamyň we Yslamy Jidahyň hüjümlerini dowam etdirýändiklerini aýtdy.

Ysraýylyň Goranmak ministriniň Kassama uly zeper ýetirendiklerini hakyndaky beýannamasynyň hakykaty beýan etmeýändigini aýdan halk deputaty Halewi,  Ysraýylyň sebitiň gözegçiliginiň ele geçirip bilmändigini ýatlatdy.

 


Etiketkalar: #Palestina , #Hamas , #Ysraýyl

Degişli Habarlar