Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar

Gazada ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 31 adam artyp 35 müň 303 adama ýetdi.

2140839
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 31 adam artyp 35 müň 303 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 224 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guran hüjümlerinde 4 gyrgynçylyk edendigi, şol hüjümlerde ýenede 31 palestinalynyň ýogalandygy, 56 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 35 müň 303, ýaralananlaryň sanynyň hem 79 müň 261 adama ýetendigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar