Gazada ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 35 müň 272 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 79 müň 205 adama ýetdi

2140555
Gazada ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 223 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guraýan hüjümlerinde 4 gyrgynçylyk edendigi, hüjümlerde ýene-de 39 palestinalynyň ýogalandygy, 64 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 35 müň 272 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 79 müň 205 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi. 

Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti bolsa X hasabyndan beren ýazmaça beýanatynda, hüjümlerde ýogalan çagalaryň sany barada maglumat berdi. 

Beýanatda: "Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümlerinde 15 müň 103 çaga şehit boldy" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar