Ýewropa Bileleşigi Palestina meselesinde bölündi

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Jozep Borrel Ukraina-Russiýa urşunda jebis ýagdaýda hereket eden agza ýurtlaryň, Palestina meselesinde örän köp bölünendigini habar berdi

2139746
Ýewropa Bileleşigi Palestina meselesinde bölündi

Jozep Borrel ABŞ-daky Stenford uniwersitetiniň Guwer institutynda eden çykyşynda, Gaza zolagyndaky ýagdaý bilen bagly beýannama berdi.

Borrel Palestinanyň hökümediniň güýçlendirilmegi üçin syýasy tapgyryň başladylmagynyň zerurdygyny belläp: "Bu tragediýadan halas bolmagyň ýeke täk ýolunyň iki döwletli çözgüde ýetmekdigini gaty ses bilen we açyk ýagdaýda aýtmalydyrys. Nähili kyn bolsa bolsun, adamzat wyždanynda tegmil bolup galjak bu tragediýany duruzmagyň başga ýoluny göremok" diýip habar berdi.

Ýewropanyň Palestina meselesinde bölünendigini aýdan Borrel: "Käbir adatdan daşary ýagdaýlardan başga Russiýa garşy ÝB-na agza ýurtlar birleşdi. Ukrainany syýasy, ykdysady, ähli ugurlar boýunça goldamak babatynda örän gowy jebisleşdiler. Gaza meselesinde bolsa örän uly bölünşik bar" diýip mälim etdi.

Borrel iki döwletli çözgüde ýetmek üçin ÝB-niň öz üstüne jogapkärçilik alandygyny we Arap hyzmatdaşlary bilen gepleşiklerini dowam etdirýändigini belläp: "ABŞ tarapynda çözgüde ýetmek babatynda kesgitli bir ýadawlyk görýärin" diýip tankyt etdi. 

Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda başladan hüjümlerinde häzirki wagta çenli aglabasy çagalardan we zenanlardan ybarat 35 müňden gowrak palestinaly ýogaldy. 



Degişli Habarlar