Gazada Ýogalanlaryň Sany 35 Müň 233 Adama Ýetdi

Ysraýylyň 222 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

2140079
Gazada Ýogalanlaryň Sany 35 Müň 233 Adama Ýetdi

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 60 adam artyp 35 müň 233 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 222 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guran hüjümlerinde 5 gyrgynçylyk edendigi, şol hüjümlerde ýenede 60 palestinalynyň ýogalandygy, 80 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 35 müň 233, ýaralananlaryň sanynyň hem 79 müň 141adama ýetendigi ýatladyldy.

 

 



Degişli Habarlar