Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 35 müň 91 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 78 müň 827 adama ýetdi

2139029
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Aglabasy çaga bolan asuda ilatdan müňlerçe adamyň ýogalýan hüjümler sebäpli şeýle hem millionlarça palestinaly öz ýaşaýan ýerlerinden göçmäge, dünýä bolsa tomaşa etmäge dowam edýär. 

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guraýan hüjümlerinde 7 gyrgynçylyk edendigi, hüjümlerde ýene-de 57 palestinalynyň ýogalandygy, 82 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 35 müň 91 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 78 müň 827 adama ýetendigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar