Ukraina, Russiýanyň Belgorod Şäherini Nyşana Aldy

Hüjümde 12 adam ýogaldy

2138633
Ukraina, Russiýanyň Belgorod Şäherini Nyşana Aldy

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi, Ukrainanyň harby goşunynyň Belgorod şäherine guran hüjüminde 12 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Şäher häkimi Wýaçeslaw Gladkow, Telegramdan beren habarnamasynda, hüjümde 20 adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada hem, Ukrainanyň harby goşunynyň Belgorod şäherine terrorçylykly hüjüm gurandygy öňe sürüldi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putine Belgorod şäherine guralan hüjüm hakynda maglumat berdi.

 


Etiketkalar: #Belgorod , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar