Ýerewandaky Protest Aksiýalarynda 151 Adam Saklandy

Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Azerbaýjan bilen serhetleriň kesgitlenmegi hakyndaky teswirnamanyň taýýarlanmagyna garşy geçirilen protest aksiýalarynda 151 adam saklandy.

2138963
Ýerewandaky Protest Aksiýalarynda 151 Adam Saklandy

Ermenistanyň İçeri işler ministrliginiň metbugat wekili saklananlaryň Adminstratiw etmişler kodeksiniň polise garşylyk görkezmek hakyndaky 182-nji maddasyna laýyklykda polis merkezlerine alynyp gidilendigini beýan etdi. Saklananlaryň degişli proseduralaryň tamamlanmagyndan soň boşadylmagyna garaşylýar.

Ozal Ýerewanda geçirilen mitingde Ermeni Asostolik buthanasynyň Tawuşdaky Ruhany merkeziniň ýolbaşçysy baş ýepiskop Bagrat Galstanýan Premýer-ministr Nikol Paşinýana bir sagadyň dowamynda wezipeden çekilmegi üçin ultimatum beripdi.

“Paşinýanyň häkimiýeti mundan beýläk güýçsiz” diýen Galstanýan, hökümeti ýurdy dolandyrmakda “doly başarnyksyzlykda”, “howpsuzlyk ulgamyny çökermekde” we “milli şahsyýetiň” esasyna zyýan ýetirmekde günäkärleýär.

Galstanýan ultimatumyň möhletiniň gutarmagyndan soň premýer-ministriň wezipeden çekilmegi üçin başga başlangyçlary etjekdiklerini aýtdy.

Häkimiýet başyndaky Jemgyýetçilik ylalaşygy partiýasy baş ýepiskopyň ultimatumlaryna jogap hökmünde beren beýannamasynda Paşinýanyň ýurduň saýlanan premýer-ministridigini ýatlatdy. Beýannamada “Ýaşasyn demokratik we özygtyýarly Ermenistan Respublikasy” diýilýär.

Azerbaýjan-Ermensitan serhetleriniň kesgitleniş tapgyry 22-nji aprelde başlady. Ermenistan şol çäkde Azerbaýjana 1990-njy ýyla çenli onsuz hem Azerbaýjan Sowet Respublikasyna degişlibolan Gazah welaýatyndaky 4 obany berdi.

 



Degişli Habarlar