Russiýanyň Goranmak Ministri Şoýgu Wezipesinden Boşadyldy

Putin, Goranmak ministri Sereý Şoýgunyň ýerine ozalky Wise-premýerlerden Andreý Belousowy teklip etdi.

2138784
Russiýanyň Goranmak Ministri Şoýgu Wezipesinden Boşadyldy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, täze hökümetiň gurulmagy üçin Goranmak ministri Sereý Şoýgunyň ýerine ozalky Wise-premýerlerden Andreý Belousowy teklip etdi.

Rus Parlamentiniň ýokarky ganady Federassiýa Geňeşinden berlen beýannama görä, Daşary işler ministri wezipesine şol wezipäni ýerine ýetirýän Sergeý Lawrowy, Goranmak ministri wezipesine hem Andreý Belousowy teklip etdi.

Putin tarapyndan tassyklanan kararnama bilen Russiýa Federassiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew wezipesinden boşadyldy we ýerine ozalky Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bellendi.

Putin tarapyndan 2012-nji ýylda Russiýanyň Goranmak ministri hökmünde bellenen Şoýgu, rus goşunynyň 2015-nji ýyldan bäri terror guramasy DEAŞ-a garşy göreş bahanasy bilen Siriýada guraýan operasiýalaryny gönükdirýär.

 



Degişli Habarlar