Palestina Goldaw Ýörişleri Dowam Edýär

Ysraýylyň Gaza Sektoryndaky hüjümlerine garşy geçirilýän protest ýörişleri bilen Palestina goldaw berilýär.

2138729
Palestina Goldaw Ýörişleri Dowam Edýär
hollanda anneler gunu filistin destek.jpg
irlanda university college dublin filistin.jpg
cenevre universitesi filistin destek.jpg
hollanda'da anneler gunu filistin destek.jpg
hollanda'da anneler gunu filistin destek.jpg

Dünýäniň çar tarapynda müňlerçe adam Ysraýylyň Gaza Sektoryndaky hüjümlerine garşy geçirýän protest ýörişleri bilen Palestina goldaw berýär.

Gollandiýada esasy bölegi zenanlardan ybarat topar, Palestinaly enelere goldaw bermek maksady bilen ýöriş geçirdi.

Müňlerçe adam, Rotterdam şäherinde “Eneler gyrgynçylyga garşy” şygary bilen bir ýere jemlenişdi.

Protest ýörişinde Ysraýyla garşy şygarlar aýdyldy.

Germaniýanyň paýtagty Berlinde hem Palestina goldaw ýörişleri geçirildi.

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerine we Germaniýanyň Ysraýyla ýarag satmagyna garşy şygarlar aýdyldy.

Howpsuzlyk güýçleri, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirlen protest ýörişine berk garşylyk görkezdi.

Wakada köp sanly adam saklandy.

Ýokary okuw jaýlarynyň talyplary hem Palestina goldaw ýörişlerini geçirmäge dowam edýär.

Irlandiýaly we Şweýsaýiýaly talyplar ýörişlerinde Gazada başdan geçirilýän gyrgynçyga ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar