“Azerbaýjanyň Daşary Işler Ministri Bilen Duşuşygymyz Oňyn Atmosferada Geçdi”

Mirzoýan, Jeýhun Baýramow bilen Almaty şäherinde geçiren duşuşygy hakynda maglumat berdi.

2138983
“Azerbaýjanyň Daşary Işler Ministri Bilen Duşuşygymyz Oňyn Atmosferada Geçdi”

Ermenistanyň Daşary işler ministri Arorat Mirzoýan, iş sapary bilen Ýerewana baran Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin ýolbaşçysy Maltanyň Daşary işler we Ýewropa ministri Borg bilen duşuşdy.

Ermenistanyň resmi habarlar gullugy Armenpressiň berýän habaryna görä, Mirzoýan myhmanyna Azerbaýjanyn Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen geçen hepde Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiren duşuşygy hakynda maglumat berdi.

Duşuşygyň oňyn atmosferada geçendigini aýdan Mirzoýan, iki ýurduň territorial bitewiliginiň ykrar edilmegi we serhetleriň kesgitlenilme baradaky gepleşikleriň 1991-nji ýyldaky Almaty jarnamasyna laýyklykda dowam etdirilmelidigini ýatlatdy.

Sebitdäki aragatnaşyk ýollarynyň ýaňadandan açylmagynyň parahatçylyk etabynda uly rol oýnajakdygyny aýdan Ararat Mirzoýan, “İlkinji etapda Azerbaýjan bilen demir ýol gatnawynyň gaýtadan dikeldilmegi bilen gyzyklanýarys”diýdi.



Degişli Habarlar