Awstriýanyň daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar

Awstriýanyň daşary işler ministri Aleksandr Şallenberg şu gün Türkiyä sapar gurar

2138808
Awstriýanyň daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar

Türkiyäniň daşary işler ministrliginden sapar bilen bagly ýazmaça beýannama berildi. 

Beýannamada: "Awstriýanyň daşary işler ministri Aleksandr Şallenberg 2024-nji ýylyň 13-14-nji maý aralygynda ýurdumyza resmi sapar gurar. Hormatly daşary işler ministrimiz Hakan Fidanyň myhman ministr bilen geçirjek gepleşiklerinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde Türkiye-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklary we sebitleýin we global meseleler ara alynyp maslahatlaşylar" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar