Ysraýyl, Palestinaly 256 Türgeni Öldürdi

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde palestinaly 256 türgen bilen türgenleşdiriji öldürildi

2137781
Ysraýyl, Palestinaly 256 Türgeni Öldürdi

Palestinanyň Futbol Federassiýasynyň başlygy Jibril ar Rajub, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde palestinaly 256 türgen bilen türgenleşdirijiniň öldürlendigini aýtdy.

Jibril ar Rajub, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýannama berdi.

Ysraýyly, palestin halkyna we türgenlerine garşy gyrgynçylyk etmekde günäkärlän Rajub, “Ysraýyl, 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde 11-i Günbatar Şeriada bolmak bilen palestinaly 256 türgen bilen türgenleşdirijini öldürdi”diýdi.

Onlarça türgeniň bolsa Gaza Sektoryna garşy guralan hüjümlerde harabalygyň aşagynda galandygyny aýdan Rajub, ýüzlerçe türgeniň bolsa tussag edilendigini ýatlatdy.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat 35 müňden gowrak adam ýogaldy.

 

 

 

 


Etiketkalar: #türgen , #Palestina , #Ysraýyl

Degişli Habarlar