Gara deňizdäki tebigy gazdan garaşylýan tamalar artdy

Energetikanyň Gün Tertibi

2138131
Gara deňizdäki tebigy gazdan garaşylýan tamalar artdy

Türkiye ýyllyk takmynan 51 milliard kub metr sarp ediş bilen Ýewropanyň iň uly 4-nji tebigy gaz sarp edijisi ýagdaýynda.

Ençeme ýyl bäri tebigy gaz dolulygyna import edilýärdi. Sakarýa gaz ýatagyndaky açyş bilen bilelikde, bu ýagdaý üýtgemäge başlady.

Önümçilik aprel aýynyň ahyryna çenli takmynan 4,6 milliard kub metr boldy. 1,8 million maşgalanyň tebigy gazy Türkiyäniň milli çeşmelerinden üpjün edilmäge başlandy.

Emma maksatlar has uly. 2025-nji ýylyň başynda gündelik önümçiligiň 10 million kub metr derejä ýetirilmegi maksat edinilýär.

Täze açyşlar bilen birlikde gysga möhlediň içinde önümçiligiň 20 million kub metrden hem ýokarladylmagyna garaşylýar. Ol bolsa takmynan 9 bilen 10 million maşgalanyň tebigy gazynyň milli çeşmelerden üpjün ediljekdigi manysyna gelýär.

Ine şol sebäpler bilen tebigy gaz ammarlama babatynda maksatlar birin-birin durmuşa geçirilýär. 2028-nji ýyldan başlap Türkiyäniň ulanýan tebigy gazynyň 20 göteriminiň ammarlap boljak ýagdaýa getirilmegi maksat edinilýär.

Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň meýilnamasyna görä Türkiyäniň ammarlama göwrümi ulanylyş görekzijileriniň 50 göterimine ýetjek derejede. Şol sebäpli Tuz köli tebigy gaz ammarlama baseýni başda bolmak bilen köp meýdançada tebigy gaz ammarlama zolaklarynyň döredilmegi ýa-da giňeldilmegi meýilleşdirilýär.

Emma ýeke täk sebäp ol däl. Türkiyäniň energetika merkezi ýagdaýyna getirmek taslamasy hem ammarlama göwrüminiň artdyrylmagynyň ýene-de bir sebäbi öňümizdäki tapgyrda guruljak Energiýa Merkezi.

Trakýada ýer anyklaýyş işleri tamamlandy. Merkeziň şu ýylyň içinde gurulmagy meýilleşdirilýär.

Russiýa bilen bilelikde amala aşyryljak taslamanyň çäginde Moskwa-Ankara liniýasynda wekiliýetler dowamly häsýetde gidip-gelýärler. Taslamany tamamlamak üçin işler dowam etdirilýär.

Türkiyede häzirki wagtda jemi 7 halkara tebigy gaz turba geçiriji liniýasy, 2-si ýüzýän ammar we gazlaşdyryş bölümi bolmak bilen 4 LNG desgasy we 2 sany ýerasty tebigy gaz ammarlama desgasy bar.

Halkara taslamalardan TürkAkym, Russiýanyň Anapa şäherinden Kyryklareli welaýatynyň Kyýyköý diýilýän ýerine çenli uzap gidýän 930 km uzynlygyndaky iki turba liniýasyndan ybarat. Gara deňiziň aşagyndan geçýän liniýalaryň biri Türkiyäniň milli liniýasyna birikýär. Beýlekisi bolsa Türkiyeden tranzit geçjek tebigy gazyň Ýewropa daşalmagyny üpjün edýär. Her bir liniýanyň ýylda 15,75 milliard kub metr tebigy gaz daşamak mümkinçiligi bar. Russiýa tebigy gaz liniýasynyň göwrümini giňeltmek isleýär. Mesele bilen bagly gepleşikler dowam edýär.

Russiýadan Gara deňizden geçýän we Türkiyä baryp ýetýän ýene-de bir liniýa bolsa Mawy Akym taslamasydyr. Liniýa ýylda 16 milliard kub metr gaz bilen üpjün edýär.

Azerbaýjanyň Hazar deňizindäki tebigy gazyny ýetirýän TANAP taslamasy bolsa häzirki wagtda 16 milliard kub metr tebigy gaz mümkinçiligine eýedir. Şol tebigy gazyň 6 milliard kub metri Türkiyä, 10 milliard kub metri bolsa Ýewropa eksport edilýär. Liniýanyň geçirjiliginiň gysga wagtyň içinde 2 esse artdyrylmagy meýilleşdirilýär.

Türkiye, şeýle hem Orta Aziýadaky Türki respublikalar bilen şertnamalar baglaşyp, tebigy gazyň dürlüligini giňeltmek isleýär. Bu ugurda ilkinji ädim Türkmenistan bilen amala aşyryldy. Mart aýynyň başynda iki ýurduň arasynda tebigy gaz boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekildi.

Azerbaýjan tarapyndan azat edilen Daglyk-Garabagdaky Zengezur koridorynyň açylmagy bilen birlikde, ýurduň tebigy gazyny Hazaryň üsti bilen Türkiyä daşamak maksat edinilýär. Bu liniýa hem Türkiyäniň hem-de Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyna goşant goşar.

MAHMUT GÜRER / TRT HABAR kanalynyň redaktory



Degişli Habarlar