Ukraina tussaghanadaky tussaglylary goşunyň düzümine goşar

Ukrainanyň parlamentiniň internet saýtynda tussaghanalardaky tussaglylaryň mobilizlenmegi bilen baglanşykly kanun taslamasynyň kabul edilendigi habar berildi

2137624
Ukraina tussaghanadaky tussaglylary goşunyň düzümine goşar

Deputat Oleksiý Gonçarenko sosial media hasabyndan beren beýanatynda, ady agzalan kanunyň 279 ses bilen kabul edilendigini, şeýlelik bilen käbir kategoriýadaky tussaglylaryň Ukrainanyň Ýaragly güýçlerine alynjakdygy mälim edildi. 

Oleksiý Gonçarenko bilkastlaýyn adam öldürmek, zorlamak, jynsy zorluk we milli howpsuzlyga garşy jenaýatlar bilen tussaglykda saklanýan tussaglylaryň mobilizlenmä kabul edilmejekdigini beýan etdi. 

Hökümediň başyndaky "Halkyň hyzmatkäri" partiýasynyň Parlament içi toparynyň başlygy Dawid Arahamiýa 15-20 müň aralygynda tussaglynyň mobilizlenmä alynjakdygyny belläp: "Olaryň näçesiniň şertnama gol çekjekdigini bilemzok, sebäbi bu taraplaryň razyçylygy bilen amala aşyrylar. Birnäçe müň adamyň boljakdygyny çaklaýarys" diýip habar berdi. 

Arahamiýa tussaglylaryň kazyýetiň kararyndan soň mobilizlenmä goşuljakdygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar