Rafahy Terk Edenleriň Sany 110 Müňe Golaýlady

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur bolanlaryň sany gün saýyn artýar

2137986
Rafahy Terk Edenleriň Sany 110 Müňe Golaýlady

Ysraýylyň 6-njy maýdan bäri guraýan hüjümleri sebäpli Gaza Sektorynyň günortasyndaky Rafahy terk edenleriň sany 110 müňe golaýlady.

BMG tarapyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň sebitdäki hüjümleri sebäpli ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur bolanlaryň sanynyň gün saýyn artýandygy nygtaldy.

Beýannamada “110 müň adamyň howpsuz ýer gözleýändigi sebäpli Rafahdan gidendigi çaklanylýar. Emma Gazada howpsuz ýer ýok we gündelik durmuş şertleri gün saýyn agyrlaşýar. Ýeke-täk çykalga bar, ol hem hüjümleriň gyssagly bes edilmegi”diýidli.

Ysraýylyň harby goşuny 6-njy maýda beren beýannamasynda öýlerini terk eden palestinalylaryň ýaşaýan ýeri bolan Rafahyň gündogaryndaky käbir etrapçalaryň boşadylmagyny isläpdi.

Ysraýyl 7-nji maýda ir ertir bolsa gury ýer hüjümini başladyp Müsür bilen bolan gümrük geçelgesiniň Gaza tarapyny ele geçirendigini habar berdipi.

Gaza Sektorynyň günortasynda Müsür serhedinde ýerleşýän Rafahda Ysraýylyň hüjümlerinden öň 280 müň adam ýaşaýardy.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümleri sebäpli Rafahyň ilaty 1,5 million adama ýetdi.

 


Etiketkalar: #Ysraýyl , #terk etmek , #Rafah

Degişli Habarlar