Ispaniýa, Malta, Irlandiýa we Sloweniýa Palestinany Ykrar Eder

Borrel,Palestinany ykrar etjek Ýewropa ýurtlary hakynda durup geçdi.

2138048
Ispaniýa, Malta, Irlandiýa we Sloweniýa Palestinany Ykrar Eder

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel, Ispaniýanyň, Maltanyň, Irlandiýanyň we Sloweniýanyň Palestinany garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etjekdigini aýtdy.

Borrel, Ispaniýanyň RNE radiosynda eden çykyşynda, Palestinany ykrar etjek Ýewropa ýurtlary hakynda durup geçdi.

“Ispaniýa 21-nji maýda Palestinany ykrar eder” diýen Borrel, Maltanyň, Irlandiýanyň we Sloweniýanyň hem Palestinany ykrar etjekdigini ýatlatdy.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahuýa berk garşylyk görkezen Borrel, “Netanýahu parahatçylyk tekliplerini tankyt etmeýär, garşy çykýar. Halkara jemgyýetçiligi Netanýahudan Rafaha girmezligini isledi, emma ol çagyryşlara gulak asmady” diýdi.


Etiketkalar: #ykrar etmek , #Palestina , #ÝB

Degişli Habarlar