Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi Tölegleri Milli Pul Birliginde Geçirdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ýewraziýa ukdysady bileleşigindäki tölegleriň 90 göterimden gowragynyň milli pul birlikleri bilen edilendigini aýtdy.

2137269
Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi Tölegleri Milli Pul Birliginde Geçirdi

Putin paýtagt Moskwada geçirilen Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň sammitinde çykyş etdi.

Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň emele gelýän köplokly dünýäniň garaşsyz we öz-özüne ýeterlik merkezlerinden biridigini aýdan Putin: “Ýewraziýa ykdysady bileleşiginde üçünji ýurtlar bilen söwda gatnaşygy 60 göterim ýokarlap, 579 milliard dollardan 923 milliard dollara, özara söwda mukdary bolsa tas iki esse ýokarlap, 45 milliard dollardan 89 milliard dollara ýetdi. Tölegleriň 90 göteriminden gowragy häzirki wagtda milli pul birlikleri bilen edilýär.” diýdi.

Wladimir Putin Ýewraziýa ykdyasdy bileleşigine agza ýurtlaryň jemi içerki milli girdejisiniň 10 ýylyň dowamynda 1,6 trillion dollardan 2,5 trillion dollara ýetendigini hem aýtdy.

Bileleşigiň sammitine Putin bilen bilelikde Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan gatnaşdy.



Degişli Habarlar