Russiýa Bilen Çözülmedik Birnäçe Meselämiz Bar

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan ýurdy bilen Russiýanyň arasynda çözülmedik birnäçe meseläniň bardygyny boýun aldy.

2136992
Russiýa Bilen Çözülmedik Birnäçe Meselämiz Bar

Metbugat ýygnagyny geçiren Paşinýan; “Ençeme mesele bar we olaryň käbirleri gün-tertibine getirildi. Bulary beýan edýärkäk Ermenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara üns berip, ýaramaz şertleri ortadan aýyrmak isleýäris. Meseleler bar we Ýerewan olary çözmek isleýär” diýdi.

Nikol Paşinýan Ermenistanyň içeri işleri meselesinde sylaşyksyz garaýyşlar beýan edendiklerini öňe süren rus teleýaýlymlaryny hem tankyt etdi.

Paşinýan; “Gol çekişilen ylalaşyklary nazarda tutup, rus teleýaýlymlaryndan Ermenistana we onuň bähbitlerine sylaşykly çemeleşmeklerini haýyş edýäris. Eger-de ýedinji duýduryşymyzdan soň hem bu talabymyz eşidilmese, ähli teleýaýlymlaryň görkezilmegi bes edilmeli bolar” diýdi.

Premýer-ministr Paşinýan Ermenistanyň daşary syýasatda kararlary garaşsyz kabul etjekdigini nygtap, ÝB bileb gatnaşyklaryň ösdürilmegi hakynda bolsa; “Beýleki ýurtlar biziň bähbitlerimize ters gelýän gatnaşyklaryny bize soramaýarlar. Biz pikir alyşmaga, geňeşmäge, dialoga taýýar. Emma kimiň bilen gatnaşyk etjekdigimiz meselesinde hiç kimden rugsat soramarys. Biz garaşsyz döwlet we gatnaşyklarymyzy hem şoňa laýyklykda ýola goýýarys” diýdi.



Degişli Habarlar