Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Gazada ýogalanlaryň sany 34 müň 844 adama ýetdi.
Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 34 müň 844 adama ýetdi.
Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 215 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guraýan hüjümlerinde 7 gyrgynçylyk edendigi, hüjümlerde ýene-de 55 palestinalynyň ýogalandygy, 200 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.
Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 34 müň 844 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 78 müň 404 adama ýetendigi ýatladyldy.
Degişli Habarlar
Liderler Eýrana Gynanç Bildirýär
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň dini lideri Ali Hamaneýe gynanç bildirdi.
Owganystandaky sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 400 adama ýetdi
Owganystanda her ýyl ýüzlerçe adam tebigy apatlar sebäpli ýogalýar